Watan goragy – atalarymyzyň beýik taglymata öwrüp,
geljek nesliň kalbynda öçmejek söýgini döreden milli duýgusydyr. Asyrlaryň
jümmüşinden çeşme deý akyp gelen bu täsin duýgy halkymyzyň milletbaşysy Oguz
han Türkmen tarapyndan keramata öwrülen mukaddes borç hasaplanypdyr. Bahasyny
hiç zat bilen ölçäp bolmajak şeýle uly gymmatlyk 5000 ýyllyk taryhymyzyň
gatlaryndan ençe döwürler aşyp, her zamananyň görnükli galamgärleriniň kömegi
bilen Oguz han atamyzdan miras galan atalyk wesýet hökmünde biz ýaş nesliň
kalbynda baky ornapdyr. Çünki, Milletbaşymyz tarapyndan keramat saýylýan
mukaddes borja öwrülen Watan goragynyň gymmaty çuň pelsepeli beýik
taglymatlarda aňladylypdyr. Bu ajaýyp çeper aňlatmalar bolsa türkmen taryhynyň
her döwrüniň ussat ýazyjy-şahyrlary, taryhçylary tarapyndan özboluşly garaýyşda
täzeçillik bilen beýan edilip, Oguz han atamyzdan miras galan pähim-paýhas
gorunyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyna esas döredipdir. Bu aýdyň hakykata
özümiň türkmen ýigidi bolup dünýä inendigime bolan milli buýsanjymy
goşalandyrýan ajaýyp eserde – milli Liderimiziň «Mertler Watany beýgeldýär»
atly täsin kitabynda has-da anyk göz ýetirmeklik bolýar. Çünki, Gahryman
Arkadagymyzyň biz talyp ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolan bu ajaýyp eserinde:
«Watan goragy biziň üçin heňňamlardan aşyp gelýän täsin heň bilen sazlaşýan
namadyr. Watançylyk namasy bize Oguz hanyň galdyran parahatçylyk söýüjilikli
pentleridir. Watançylyk namasy merdana gerçek Gorkut atanyň pähim-paýhasly
tälimleridir. Watançylyk namasy Jygalybegiň iliniň serdary, türkmen ojagynyň
hany saýan eziz perzendine atalyk pendidir. Watançylyk namasy Magtymguly
akyldaryň döredijilik äleminiň kuýaşydyr. Ine, şu namalar bilen ata-babalarymyz
öz ogul-gyzyna ýüreginiň iň mähirli jümlelerini ýetirýär» diýip, bellän örän
çuň pelsepeli täsin taglymatlaryndan ýaňa kalbyňda dörän ruhuňy galkynyş,
özüňiň beýik milletiň nesli bolup eşretli durmuşda ýaşaýanlygyňa bolan çäksiz
guwanjyňy gursagyňa sygdyranok. Çünki, sen ertirki günüň bagtyýar Watan
goragçysy diýen mukaddes ada eýe boljak türkmen ýigidi. Milletbaşymyz Oguz han
Türkmen tarapyndan keramata öwrülen beýik borjy ýerine ýetirmeklik bolsa
türkmen ýigidi üçin milli buýsançdyr. Bu uly buýsanjy men döwlet
Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen harby
ýörişe tomaşaçy bolup gatnaşan wagtym has içgin başdan geçirdim. Watan
goragçylarynyň ýurdumyzyň döwlet Tugy hem-de söweşjeň baýdaklary bilen nyzam
boýunça harby ýörişden dürli hili täsin harby tilsimleri bilen geçen pursadyny
synlan mahalym özümiňem şu merdana türkmen ýigitleri ýaly ertirki günüň Watan
goragçysydygyma, şolaňky ýaly ajaýyp harby lybasy geýmeklik bagtyna, harby
ýörişden ata-baba aňyrdan gaýdýan milli harby tälimlerimiz bilen geçmeklik
wagtyna eýe boljakdygyma bolan milli buýsanç kalbymy täsin duýgular bilen
gaplap aldy. Ana, şondan soň, men Watan goragy diýen mukaddes düşünjäniň
türkmen ýigitleriniň ata-baba ganynda bardygyna, bu täsin duýgunyň olaryň
damarynda gaýnap, kalbynda mukam bolup ýaňlanýandygyna bolan durmuş hakykatyna
öz mysalymda anyk-aýdyň göz ýetirdim. Çünki, men nesip bolsa ýokary okuw jaýyny
üstünlikli tamamlap, Watan goragyna gidip, ata ýurduma, il-günüme, hormatly
Prezidentimize, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysyna,
harby kasama wepaly bolup gulluk etjekdigim baradaky milli buýsanç bilen
ýaşaýaryn.
Baky Nurmuhammedow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.