milli goshun logo
Watan goragçylaryna / Hamitbek Tajimuradow
Watan goragçylaryna / Hamitbek Tajimuradow
19.01.2020 1709 Bäsleşik

Ýörişde göwni dikelen eý, esger,

Bilgil, howp çekiner merdi görse.

Ýürekdäki, bildäki güýji ýeň, esger,

Gül ýaly Watany sakla hemişe!


Mertebeli sözleri ýadyňda dursun,

Nur inen ýüzleri ýadyňda dursun,

Mähirli gözleri ýadyňda dursun,

Ejejanyňy ýadyňda sakla hemişe!


Arkadagyň bar hemişe öňde,

Agaň-jigiň bolsa-mert, edermen,

Çyn dostlaryň bolar ýürege direg,

Hatarda mertligiň sakla hemişe!


Bir güni amadyň, bagtyň güler,

Öýüň, göwnüň hem nur bolar,

Çagaňa mynasyp eje bolar,

Maşgalaňy howpdan sakla hemişe!


Watan – namys nyşany, Watan – namys şan,

Namys bilen eziz sanalýar ynsan,

Sen mertebäňe galkan, mertebe saňa galkan,

Mertebäňi-sylagyňy sakla hemişe!


Hamitbek Tajimuradow, 

Daşoguz şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.