milli goshun logo
Watan diýip... / Nurmyrat Aşyrow
Watan diýip... / Nurmyrat Aşyrow
13.01.2020 848 Bäsleşik

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Owaz goşýar saza, ýüregiň kirşi.

Watan bilen badaşandyr ömürler,

Watan gorar – «mert men» diýen her kişi.

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Çünki ogluň men ak süýdüň emen.

Watan duýgusyny ganyma goşan

dogulmankam kakam,

                                          ondan soň enem.

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Saňa bolan söýgim geçipdir gandan.

Ýyllaň jümmüşine ýeter owazym,

Sebäp, men seni söýýärin jandan.

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Sergin serhedini penalap hasam...

Goýnunda doglup hem gundalamdan soň

Hajat däl maňa gaýta etmek kasam.

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Doýup bilmen seniň duzuňy iýip.

Parahatlyk sazyn çalyp ýürekden

serhedinde durun lybasyn geýip...

Nurmyrat Aşyrow.