milli goshun logo
Watan / Ejebaý Geldiýewa
Watan / Ejebaý Geldiýewa
20.01.2020 1135 Bäsleşik

Buýsanyp, guwanyp eziz adyňa,

Ösüş, şöhrat diläp artýan badyňa,

Äleme ýaň salýan ajap sazyňa,

Goşup joşýan ýüregimiň urgusyn:

«Sensiz ýürek bir pursadam urmasyn!».


Arkadagyň yhlasyndan bat alyp,

Asyrlara, eýýamlara şan bolup,

Ylhamy çagyrýan döwrümi söýüp,

Goşup joşýan ýüregimiň urgusyn:

«Sensiz ýürek bir pursadam urmasyn!».


Pasyllarym seniň bilen owadan,

Ýollarymam sende abat, abadan,

Ýaşamaga pursat bolsa ýaňadan

Goşup joşýan ýüregimiň urgusyn:

«Sensiz ýürek bir pursadam urmasyn!».


Ojagy sen muhabbetiň, söýginiň,

Jebisligi arzuwlanan ömüriň,

Asyrlara şugla salýan döwrüme,

Goşup joşýan ýüregimiň urgusyn:

«Sensiz ýürek bir pursadam urmasyn!».


Parlaýan baýdagmy sylyp ýüzüme,

Mähriban topragňy sürtüp gözüme,

Synlap, seýran edip dagy-düzüňe,

Goşup joşýan ýüregimiň urgusyn

Diýýän: «Ýürek sensiz asla urmasyn!».

Ejebaý Geldiýewa,

Aşgabat şäheriniň 130-nji orta mekdebiniň mugallymy.