milli goshun logo
Watan / Arslan Annageldiýew
Watan / Arslan Annageldiýew
14.01.2020 22201 Bäsleşik

Watan goragyndan mukaddes borç ýok,

Watan bize ar namysdyr, bilip goý!

Adyny gaýtalap her pursat, her dem,

Watan adyn gursagyňa ýazyp goý!

Watan biziň şöhratymyz şanymyz,

Watan biziň damardaky ganymyz,

Gerek bolsa gurban etjek janymyz,

Watan üçin jan aýalmaz, bilip goý!

Mert ýigitler topragyňa penadyr,

Watan ady dillermize senadyr,

Bu gün bize bütin dünýe garandyr,

Watan bize keramatdyr, bilip goý!

Bedew atym, alabaýym nusgadyr,

Dagyň, düzüň hala siňen keşdedir,

Goramaklyk mert ýigitleň kesbidir,

Batyrlaryň mesgenidir, bilip goý!

Arkadagym ulus ile görelde,

Paýhas çeşmäm bize ýoldur-ýörelge,

Watan üçin eliň goýup ýüregňe,

Kasam etmek borjumyzdyr, bilip goý!

Arslan Annageldiýew,

TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.