Bize miras galan ajaýyp Watan,
Topragyň bar, ähli derde dermandyr,
Taryh bolup geçmişiňe ser salsak,
Seň ugruňda niçe
gursak gurbandyr.
Watan abraýyny tug deýin dikläp,
Mert pederler seni gorap ötendir.
Ýowuz güni agzybirje kürekläp,
Bu Watanda uly
toýlar tutandyr.
Topragyňdan ysgap, suwuňdan içip,
Är ýigitler sende önüp-ösendir.
Tuguň gökde buýsanç bilen parladyp,
Dyzyn epip, bu
topragy öpendir.
Geldi Pyragynyň, arzuwlan döwri,
Men Watanmyň halal duzun haklaryn.
Watançy ýürekde dörän söýgini
Hiç unutman mydam
ýatda saklaryn.
Dogduk depäm Arkadagly diýarda,
Tuga togap edip, dyza çökýärin.
Şu toprakda geçdi ömür kerwenim,
Neçüýn seniň goragyňy
çekmäýin?!
Kerim Gurbanow,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.