Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli
ýol-ýörelgesini dowam edýän Türkmenistan dünýäde parahatçylygy gorap saklamak,
hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada giň gerimli
başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz
tarapyndan kabul edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby
doktrinasy goranyş häsiýetli bolup, ýurdumyzda parahatçylygy gorap saklamak,
harby howpsuzlygy üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy howpsuzlyga we
parahatçylyga pugta hem-de yzygiderli eýermegiň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny göz
öňünde tutýar. Harby doktrinada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky
dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen halkara hukugyna laýyklykda, daşary
syýasatda hemişelik oňyn bitaraplyk, döwletleriň özygtyýarlygyna, çäkleriniň
bitewiligine we serhertleriniň bozulmazlygyna hormat goýmak, beýleki ýurtlaryň
içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan, harby bloklara we birleşiklere
gatnaşmakdan ýüz döndürmek, sebitdäki we dünýädäki ähli döwletler bilen
parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam
bermek ýörelgelerine eýerýändigi aýdyň kesgitlenendir. Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy döwletde resmi taýdan kabul edilen,
parahatçylyksöýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny
we çäkleriniň bütewiligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we
harby-strtegik esaslaryny kesgitleýän ýörelelgeleriň, maksatlaryň we
wezipeleriň ulgamydyr. Harby doktrinada Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji
daşary syýasaty ýöredýändigi aýratyn nygtalýar. Dünýädäki islendik özygtyýarly döwlet
ýaly, Türkmenistanyň hem öz harby howpsuzlygyna bolup biljek daşarky we içerki
wehimleriň güýçlenmegine ýol bermejekdigi kesgitlenilýär. Türkmenistan öz çäk
bitewiligini gorap saklamak, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmagyna,
halkara terrorçylyga we beýleki wehimlere garşy göreşmek barada umumadamzat
bähbitli işleri amala aşyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýar.
Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, Türkmenistan
döwletimizde milli bähbitlerimize we howpsuzlygymyza, şeýle-de Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda kesgitlenen düzgünlere ters gelmeýän
şertlerde ähli döwletler bilen deň derejede gatnaşyklary ösdürmäge zerur
şertler döredildi. Türkmenistan öz çäklerinde daşary döwletleriň harby
bazalarynyň ýerleşdirilmezligi, ýadro, himiki, biologik ýaraglaryň we
köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň islendik görnüşleriniň getirilmezligi,
öndürilmezligi, ýaýradylmazlygy we döwletiň çäkleriniň üstünden geçirilmezligi
baradaky borçlaryna berk esaslarda eýerýär. Adamzat döräli bäri dünýä
halklarynyň iň arzyly arzuwlarynyň biri, megerem, parahat ýaşamak bolan bolsa
gerek. Parahatçylygyň ýok ýerinde adamlaryň abadan durmuşyny göz öňüne
getirmek, asla mümkin däl. Öz başyndan ägirt uly adam pidalaryna getiren iki
jahan urşuny, ululy-kiçili birnäçe uruşlary geçiren adamzat jemgyýeti XX asyryň
ortalarynda tutuş dünýäde parahatçylygy berkarar etmek maksady bilen, Birleşen
Milletler Guramasyny döretdi. Häzirki wagtda 200-e golaý agzasy bolan bu gurama
tutuş dünýäde parahatçylygy saklamakda örän uly işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde prahatçylygy berkarar etmekde uly
işleri durmuşa geçirendigi we geçirýändigi jedelsiz hakykatdyr. Bu barada dünýä
belli syýasatçylar, döwlet işgärleri, alymlar öz çykyşlarynda, ylmy işlerinde
belläp geçýärler. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini ulanmagy ylalaşdyryjy
prosesiň şowly geçmegine we oňa beýleki gyzyklanýan döwletleriň goşulmagyna
ýardam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan döwleimiz dünýädäki islendik gapma-garşylykly
ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu
ugurda tutuş dünýä we sebit ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär.
Agamyrat Orazow,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.