milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
12 sagat öň 15 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekip, toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornuny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýola goýlan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.