Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan”
gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini
ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde
guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. “Balkan” gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” atly gury ýük gämisiniň ýüzüşe
goýberilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň
şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury
ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz,
ilki bilen, Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze
«Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary şatlykly
waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli
ösdürip, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji
ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany
Kararnama kabul edildi. Bu möhüm Kararnamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň
goldaw tapdy. 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly
ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty ýokary derejede geçirildi. Şeýle
hem ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan
köp sanly halkara maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli
geçirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Soňra taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan
dabara gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry
Technology” kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uka söz berildi.
Myhman, ilki bilen, bu dabara gatnaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň
üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli hemmeleri gutlady. Munuň özi taryhy
ähmiýetli waka bolmak bilen, Türkmenistanyň ähli ugurlar, aýratyn-da,
ulag-logistika ulgamy boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Nygtalyşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük
gämisiniň gurulmagy bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Munuň özi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy düzümleriniň biri bolan kärhananyň
halkara ähmiýetli ýükleri daşamaga ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmak
mümkinçiligine eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi bu kärhananyň
kuwwatynyň halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrmak, dünýäniň deňizçilik
ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin zerur bolan tehniki
mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz «Gadamly” gury ýük gämisiniň
ýüzüşe goýberilmeginiň ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli
üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde edýän tagallalarynyň aýdyň netijesine
öwrülen taryhy wakadygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu
ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy we
hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.