Şu gün
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört
aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge
degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisininiň agzalary hasabat bilen çykyş etdiler. Hormatly
Prezidentimiz hasabatlary diňläp, döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby
doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we
bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda
Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň
asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.