Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka
ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi
boldy.
“Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly
ulag boýunça onýyllygynyň ilkinji ýylynda şeýle iri taslamalaryň durmuşa
geçirilmegi bedew batly ösüşlerimize şaýatlyk edýär. Irki döwürlerde yklymlary
birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň üstünden geçipdir.
Häzirki döwürde biz bu ýoly döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli
tagallalary edýäris. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň
gurulmagy hem bu ugurda örän möhüm ähmiýete eýedir” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we 2019-njy ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga
berlendigini belledi.
Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýoluň
Aşgabat — Tejen, Tejen — Mary aralygyndaky iki tapgyry ulanmaga berildi. Bu gün
bolsa bu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy doly tamamlandy. Döwrebap ýoluň
gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine
ýetirildi. Halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan
ybaratdyr. Ol dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň
rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.