18-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Oguzkent»
myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip,
sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa
Şentop bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistan we Türkiýe ählumumy giňişlikde, halkara
düzümleriň meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň
çäklerinde ylalaşykly hereket edýär. Halkara energetika howpsuzlygy, ulag
ulgamlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi we maglumat howpsuzlygy ýaly möhüm
ugurlardaky netijeli gatnaşyklar hem-de birek-birege goldaw berilmegi munuň
aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Türkiýäniň Türkmenistanyň teklibi
boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 17-sine awtordaş
bolup çykyş edendigini minnetdarlyk bilen nygtady.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy
parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuna ünsi çekip, onuň sebit we ählumumy
meseleleri kadalaşdyrmakda, durnuklylaşdyrmakda netijeli gural bolup çykyş
edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman parlamentara dostluk
toparlarynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň aýratyn
ähmiýetini belledi.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra,
ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet
Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty
bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyny «Garaşsyz
Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Mustafa Şentop bu ýokary sylagyna
döwletara hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp
boldy.