milli goshun logo
Türkmenistan – Bitarap ýurt / Myratgeldi Hallyýew
Türkmenistan – Bitarap ýurt / Myratgeldi Hallyýew
07.01.2020 8441 Bäsleşik

Türkmenistan – Bitarap ýurt, muňa asla ýok sözümiz,

Onuň ýyly gujagynda bagtly saýýas özümiz,

Şu ýurt diýip gürsüldäp dur, çep gursakda ýüregimiz,

Ondan bolsa çogup çykýar şeýle arzuw, dilegimiz,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.

Guşlar gaýsyn Asmanynda, agyp-dönüp, aga-ýana,

Şonda ajap görnüş dörär, dykgat bilen synlamana,

Dideleriň ýitelýändir, garap-garap, gana-gana,

Iň zerur zat, dogulandan tä ötünçä her ynsana,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.

Güllesin, gül açsyn ýurduň her dabany, her ýeri,

Zemine nem berip dursun, Asmanyň zer, dürleri,

Eger saýlap, seç diýseler, saýlamaryn del ýeri,

Howasy tenekar jana, derdimiziň emleri,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.

Görmäge göz gerek onuň jemalyny, görküni,

Aýt Watanmyz yşgyna düşürmedi gör kimi?

Bu ýurt Älem ýüzügine oturdylan göl kibi,

Ylham berip galkyndyrýan her ynsanyň köňlüni,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.

Aslyn diýsem Oguz, Gorkut ýollaryndan gaýdylan,

Goşgy, gazal, dessan ýazyp, tarypy kän aýdylan,

Ýurtda diňläp hezil edýän Parahatlyk aýdymyn,

Başarşymça menem sözde ol hakynda aýdaryn,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.

Goramaga kasam etdik onuň degresin-daşyny,

Seret, ýurduň Gök diräp dur mertebe bürän başyny,

Özgerderis ýene-de biz Watanmyzyň durmuşyny,

Alkyşlaýas millet bolup Belent Serkerdebaşyny,

Bitaraplygyň mekany – Türkmenistan ýaşasyn.                                                          

Myratgeldi HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň

borçnama boýunça harby gullukçysy, uly seržant.