milli goshun logo
Senagat we kommunikasiýa ulgamynyň ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy
02.02.2019 653 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna, senagat we kommunikasiýa ulgamy pudaklaýyn dolandyryş edaralary hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnamany 108,7 göterim berjaý etdiler, şunda ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügi öndürmegiň ösüşi 115,9 göterime, nah matalaryň öndürilişi 118,8 göterime, çig ýüpek öndürmekde ösüş 123,1 göterime, tikin we örme önümçiliginde ösüş 138,9 göterime deň boldy. Haly we haly önümçiligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda tabşyryk 134,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat ulgamynda gurnama demir-beton önümçiliginde ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit önümçiliginde 100,1 göterim üpjün edildi, aýnalaryň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 122,5 göterim berjaý edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly ýük-ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini degişlilikde 103,5 göterime we 101,7 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 199 müň telefon nokady gurnaldy.