milli goshun logo
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze sahypasy
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze sahypasy
10.08.2024 407 Habarlar

Düýn – 9-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen giden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda giň ugurlar, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklar boýunça özbek-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigi  kanagatlanma bilen bellenilip, öz nobatynda, iki döwletiň çäklerinde söwda öýleriniň açylmagynyň hem-de ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.