Düýn – 16-njy oktýabrda paýtagtymyzda
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik
hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet Aşgabada geldi.
Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.