milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
10.08.2024 345 Habarlar

Düýn – 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen giden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.