Düýn – 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany Milli Liderimize akyldar şahyryň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Onuň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.