milli goshun logo
Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri açyldy
Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri açyldy
1 gün öň 34 Habarlar

Düýn – 16-njy oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Sahnada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet günlerinde Russiýa wekilçilik etmek hukugyna Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly eýe boldy.

Russiýadan gelen myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyklary öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.