milli goshun logo
Ukyp-başarnykly ýaş nesiller
Ukyp-başarnykly ýaş nesiller

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi, tomusky dynç alyşlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginde hem maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda halas ediş işleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça netijeli bäsleşikler guralýar. Ýaş watançylar bu bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, berk bedenli hem-de sagdyn ruhly nesillerdigini subut edýärler.

Ukyp-başarnykly ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän şeýle bäsleşikler mekdep okuwçylarynyň türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, batyrlyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmek bilen, raýat goranyşyna we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürýär.