milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
06.08.2024 392 Habarlar

Düýn – 5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Dostlukly ýurduň Baştutany telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen kärdeşini Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek mälim etdi.