Türkmen halkynyň milli baýlygy we
buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da
belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda,
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat
şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de
türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň
eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan
etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň,
neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek
bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi
tassyklanyldy.