milli goshun logo
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy
12.08.2024 371 Habarlar | Sport

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Şu günler zähmet rugsadynda bolýan Gahryman Arkadagymyz säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň badalga nokadyna çykdy. Sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.