Aşgabat şäheriniň çägi boýunça
eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralaryň hem-de raýat goranyşynyň
birikmeleriniň hünärmenlerini okuw möwsüminde raýat goranyşyna taýýarlamak
boýunça degişli meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan gysga
möhletleýin okuw sapaklary geçirildi.
Okuw sapaklarynyň dowamynda
diňleýjilere tebigy we tehnogen häsiýetli
adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetirip biljek zyýanlarynyň
täsirini peseltmek, halas ediş hem-de beýleki gaýragoýulmasyz işler ýerine
ýetirilende sazlaşykly hereketleri guramak boýunça giňişleýin düşünje
berildi. Şeýle hem häzirki zaman halas ediş tehnikalarynyň, adatdan daşary
ýagdaýlary ýok etmäge çekiljek beýleki serişdeleriň we emläkleriň zerur gorlaryny
taýýar ýagdaýda saklamagyň ähmiýeti nygtaldy.