Gurban
baýramynyň ilkinji gününiň dabaralarynyň bagtyýar halkymyz tarapyndan
uly ruhubelentlik bilen garşylanandygyny bellemeli. Ýurdumyzyň
welaýatlarynda, ak mermerli Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde säher
bilen jemagat bolup baýram namazynyň okalmagy halkymyzyň agzybirligini,
jebisligini we ýurdumyzyň abadançylygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda
asylly ýörelgeleriň agzybirlikde dowamata atarylýandygynyň aýdyň
güwäsidir. Şunda halkymyzyň milli däp-dessurlary berjaý etmegi, Gurban
baýramynyň her bir gününiň ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda
ähli zerur şertleriň döredilýändigi nygtalmaga mynasypdyr.
Hormatly
Prezidentimiziň Gurban baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda
belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk
günlerinde baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik
çäreleri geçirilýär. Gurbanlyk sadakalary berlip, her bir maşgalada
bereketli saçaklar giňden ýazylýar, baýramçylyk tagamlary hödürlenilýär.
Il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy üçin ýagşy
doga-dilegler edilýär. Ýurdumyzda jemgyýetde ruhy sagdynlygyň, ahlak
kämilliginiň berkarar bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Mukaddesliklere
zyýarat etmek üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki döwürde watandaşlarymyzyň
müňlerçesi yslam dünýäsiniň keramatly künjeklerinde bolup, haj
parzyny berjaý edýärler.
Gurban
baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar belent hiňňildikleriň
ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dowam
etdi. Ýaşlaryň şatlyk-şowhuny dabaralara özboluşly baýramçylyk
öwüşginini çaýdy. Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, goňşa bolan hormat-sarpa
asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetlerdir.
Şoňa görä-de, halkymyz Gurban baýramyny iň oňat arzuwlar bilen garşy
alýar.
Gurban baýramy durmuşyň oňat başlangyçlaryna bolan
ynamy has-da pugtalandyrýar. Şunda halkymyzyň ruhubelentligi we
işjeňligi belent maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirýär. Däp bolşy
ýaly, ildeşlerimiz baýram namazyndan soňra, dogan-garyndaşlarynyň,
goňşularynyň öýüne baryp, hemmelere parahatçylygy we abadançylygy
arzuwlap, gurbanlyk sadakalarynyň kabul bolmagyny dileg edýärler.
Gurban baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat
we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda belent ruha
beslenen aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Bagşy-sazandalaryň
joşgunly aýdym-sazlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere
buýsanç, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy.