Şu gün türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň
başlanýandygyny alamatlandyrýan baýram namazyny okady we Arkadag
şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanşyp, bu şäherde
gurbanlyk sadakasyny berdi. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň asyrlar aşyp
gelýän ýagşy dessurlary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrmakdaky
tagallalarynyň aýdyň güwäsidir.
Irden Gahryman
Arkadagymyz Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine geldi. Bu ýere
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, köp sanly daşary
ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary ýygnandylar.
Hajy Arkadagymyz hemmeler
bilen mähirli görşüp, bu ýere ýygnananlary mukaddes Gurban baýramynyň
başlamagy bilen gutlady we üç günüň dowamynda ediljek doga-dilegleriň,
beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny
arzuwlap, metjidiň içine girdi.
Baýram namazy okalandan
soňra, Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, doga-dilegleriň
Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Soňra
Milli Liderimiz Ýaşulular geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatlar
bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň
aram tapan ýerine tarap ugrady.
Soňra hajy
Arkadagymyz musulman ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna
halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärä işjeň gatnaşýandyklary
üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Gahryman Arkadagymyzyň:
“Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz
bilen berk baglydyr. Biziň ýolumyz halkyň ýoludyr. Halkyň ýoly bolsa
Hakyň, hakykatyň ýoludyr” diýen sözlerinden soňra, Ahal welaýatynyň
ymamy tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasynyň kabul
bolmagyny dileg etdi. Gurbanlyk sadakasynda türkmen halkynyň adamda
päklik, asyllylyk, ynsanperwerlik hem-de kämillige ymtylyş ýaly häsiýetleriň
kemala gelmegine ýardam edýän, gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleriniň
ösdürilmegi, medeni-ahlak gymmatlyklarynyň dowamata atarylmagy,
ýurdumyzda öten-geçenlere hormat goýmak, hoşniýetlilik, wepalylyk
ýaly asylly ýörelgeleriň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla
edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň
bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen beýik işleriniň
rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.
Gurban baýramy ruhubelentligi hem-de milli bitewüligi alamatlandyrýan
baýram hökmünde halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Gurbanlyk
günlerinde milli tagamlaryň taýýarlanylmagy, sadakalaryň berilmegi
we ýagşy dilegler edilmegi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň
dowamata atarylýandygynyň güwäsidir. Nahardan soň, asylly däbe
görä, aýat-töwir okaldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz gurbanlyk sadakasynda
okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde
kabul bolmagyny dileg edip, hemmelere sadaka gatnaşandyklary
üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz ýygnananlara alyp barýan
asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.