Watan
goragçylarynyň güni, şeýle hem Ýaragly Güýçleriň döredilmeginiň 34 ýyllygy
mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan
Aşgabat garnizonynyň harby bölümleriniň arasynda «Ezber halasgärler» atly
bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy
maksady çagyryş boýunça harby gullukçylaryň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan
halatynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we dörän ýangynlary söndürmek boýunça
ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Şonuň ýaly-da, adatdan
daşary ýagdaýlarda ýurt goragçylarynyň taýýarlyk ýagdaýyny kesgitlemek, fiziki
taýýarlyklaryny barlamak hem-de olaryň raýat goranyşy we adatdan daşary
ýagdaýlar boýunça bilimlerini artdyrmak bäsleşigiň esasy talaplarynyň hatarynda
orun aldy.
Ezber
halasgärleri saýlamagy göz öňünde tutýan bäsleşige gyzgalaňly häsiýet mahsus
boldy. Çagyryş boýunça harby gullukçylar hünär endiklerini kämil ele
alandyklaryny, çeýeliklerini, adatdan daşary ýagdaýlarda tiz netije çykarmagy
başarýandyklaryny görkezdiler. Ýeňiji toparlara bäsleşigiň Göçme kubogy bilen Hormat
hatlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Annagül ATAÝEWA.