Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk
ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk
Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy
kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk
taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.
Türkiýeli işewür türkmen halkynyň Milli Lideriniň
başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň
gazanýan uly üstünliklerine we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere
buýsanýandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet tarapyndan daşary ýurtly
hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri
özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk
edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda
utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze
toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan
ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary
netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion
tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet
hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam
etdirjekdigine berk ynam bildirildi.
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp
barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň
başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat
okaldy. Onda merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy dileg
edildi. Munuň özi türkmen halkynyň ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna
kybap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.
Türkiýeli işewür Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.