Watanym, giň dünýä ýaýrandyr adyň,
Gün-günden beýgelýär şöhratyň-şanyň,
Hiç haçan egsilmän bedew deý badyň,
Adyň arşa galsyn, mukaddes Watan.
Arkadagym özgerdýär gül Watany,
Her bir daňyň şatlyk bilen atany,
Täze döwrüň durmuşa bal gatany,
Beýik Gahrymanly mukaddes Watan.
Il bagtyýar bu berkarar döwletde,
Her günümiz şatlyk-şowhun, lezzetde,
Watanymda her bir ynsan hezzetde,
Döwletli-döwranly mukaddes Watan.
Şan-şöhratyň bilen dünýä tanady seni,
Türkmen gerçekleriniň belentdir seri,
Bol hasyl getirýär her gysym ýeri,
Rysgal-bereketli, mukaddes Watan.
Agamyrat Rahmedow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
harby gullukçysy, uly leýtenant.