milli goshun logo
«Mertlik ýürekden gaýdýar» / Süleýman Kowusow
«Mertlik ýürekden gaýdýar» / Süleýman Kowusow
20.01.2020 2021 Bäsleşik

Her bir türkmen üçin mukaddes Watanymyzyň Ýer ýüzünde «Bitaraplygyň mekany» diýlip tanalmagynyň sebäbi näme?! Bu sowala dünýäniň ýene-de üçünji müňýyllykda türkmen paýhasyna, onuň parasatly Baştutanyna gulak goýmagy diýip, jogap berip bolar. Çünki Milli Liderimiz dünýä bileleşigi boýunça asudalyk, abadançylyk, ynanyşmak başlangyçlaryny öňe sürdi, olary ykrar etdirmegi başardy. Ýaş kärdeşimiziň galamyndan çykan setirlerde hem beýan edilişi ýaly: «Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy biziň rahat gijelerimiz, erteki kysmy gündizlerimiz üçin, dünýä halklarynyň hoşniýetli dost-doganlygy üçin, «Umumy öýümiziň» abatlygy, ol öýdäkileriň bagtyýar şu güni, aýdyň ertiri üçin, syýasy hezze-hezzeleriň pidalary – dünýäniň käbir ýerinde hüwdiniň sesine däl-de, topuň sesine uka gidýän müňlerçe biumyt balalaryň şadyýan, rahat geljegi üçin, gollarynda otly nägehany däl-de, gujak-gujak gül göterip, söwer ýaryny, käbesini begendirmeli ýaş ýigitleriň keýpiçag ýaşlygyny ýaşamagy üçin, öz milletiniň däbini-dessuryny nesillere geçirmeli gojalaryň öz borjuny berjaý etmekleri üçin... ädilen mukaddes ädimdir».

Parahatçylyk söýüjiligiň beýik nusgasy, ömrümiziň agzybirlik mukamy bolan – ýurt bitaraplygyny, abadançylygyny, asudalygyny saklaýan güýç bolsa milli Liderimiziň alyp barýan adyl syýasatydyr, merdana Watan goragçylarynyň bitirýän hyzmatlarydyr.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Watançylyk ruhy Watan goragynda ok geçmez galkandyr. Watançylyk ruhy Watanyň üstüne abanyp biljek islendik howpuň garşysyna iň güýçli ýaragdyr. Watançylyk ruhy islendik bela-beteri dyza çökerip, dargadyp, ýok edip bilýän gudratdyr». Şol gudraty gursaklarynda göterýän, gollary berdaşly, bakyşyndan dagy eýmendirýän gerçekler – merdana Watan goragçylary bu gün parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbitlerine, halkymyzyň abadan durmuşyny goramaga hyzmat edýär. Özi-de beýik buýsanç duýgusy bilen. Çünki, Watana gerekliligiňi duýmak, onuň gullugynda, goragynda durmak seni has-da mertebeleýär. Owalynda asuda Watanda dogulmak, goýnunda erkana ulalmak, iýen halal duzuňy ödäp, «Watan goragçysy» diýen belent ada mynasyp bolmak – her bir türkmen ýigidi üçin mertebe hem hormatdyr. 

Halkymyzda «Mertlik ýürekden gaýdýar» diýen aýtgy bar. Hakyky mertligiň bolsa mukaddes Watan goragynda ýüze çykýandygy hemmämize-de mälimdir. Baýramyňyz mübärek bolsun, merdana Watan goragçylary!

Süleýman Kowusow,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.