Guwanjy sen, diregi sen ene-ataň
Borjuň berjaýyna çagyrdy Watan.
Öz deňleriň bilen düzlüp bir hatar
Gullukdan sag aman gelgin, mert esger.
Dostlaryň dileýär çalt geçsin wagtyň,
Dogan-jigileň dileýär seniň ak bagtyň,
Öz Watanyň üçin gün-günden galkyn,
Gullukdan sag aman gelgin, mert esger.
Iki ýylyň geçsin, iki gün dek az,
Geleňden soň günüň bolar ala-ýaz,
Gurşap alsyn ýarag däl-de, aýdym-saz,
Gullukdan sag aman gelgin, mert esger.
Ýegen Ýegenberdiýew,
esger.