milli goshun logo
Men – Watanymyň gyzy! / Altyngözel Amanmämmedowa
Men – Watanymyň gyzy! / Altyngözel Amanmämmedowa
13.01.2020 7029 Bäsleşik

Eziz Watanym! Men seniň goýnuňda iňňän bagtly. Ýöne her säherler gursagymy asuda howaňdan dolduryp, mährem goýnuňda sag-aman örendigime buýsananymda, her agşamlar uka gitmezimden ozal, seniň abadanlygyňa şükür edenimde meni bir zat ynjalykdan gaçyrýar: Seniň öňüňdäki ynsanlyk borjumy nädip ödäp bilerin?! Ýadyma düşýär, entek mana düşmez çagajykkam, ejeme sowal baryny berýärdim «Eje, näme üçin gyzlary harby gulluga kabul etmeýärler? Meniň hem harby gulluga kabul edilesim gelýär». Käbäm maňa buýsanç bilen jogap bererdi: «Gyzym, Watana bolan söýgiňi islendik kärde hem görkezip bilersiň...».

Ders bäsleşiklerine gatnaşyp, sen hakynda hödürlenen temalardan düzmeler ýazýarkam, çäklenen wagt seniň waspyňy beýan edip ýetişerden az gelýärdi. Hawa, senli duýgularym meni döredijilik dünýäsiniň gujagyna oklady. Men seni wasp edip, goşgular goşup bilýändigime buýsanyp başladym. Bilýäňmi, ilkinji setirlerim hem seniň adyň bilen dem alyp başlady?! Çünki sen şygyrlarymyň sözbaşy, ylhamymyň gözbaşy bolduň!

Sen hakynda ýazylmadyk şygyr ýok,     

Men olaryň setirlerne öýkünmen.

Sebäp seniň her bir dag-u-düzüňi,

Hemmelerden has artygrak söýdüm men.

Seniň jennet mysaly goýnuňda arzuwlaryma ýetjekdigim şek-şübhesiz. Saňa bolan yşgym enem-atamyň ynamyny ödäp, üstünlikli menzillere ýetmegime getirdi. Mugallymlarymyň «Sen — Watan gyzysyň!» diýýän sözleri maňa her bir ädimimde ýol-ýörelge boldy. Ýokary okuw jaýyna talyplyga kabul edilenimde, begenjimden iki bolup bilmedim. Sebäbi men indi seni diňe bir şygyrlarymda wasp etmek bilen çäklenmän, saýlap alan hünärimde zähmet çekip, saňa tüýs ýüregim bilen hyzmat edip biljekdigime begenýärdim. Şol wagt seni adam keşbinde gören bolsadym, seni bagryma basyp «Görýäňmi, saňa bolan söýgim meni çagalyk arzuwlaryma ýetirdi» diýerdim. A sen bolsa, meniň buýsançdan püre-pürlän gözýaşlarymy mähir bilen süpürip «Sen meniň perzendim ahyry. Myratlaryň maksat tapmazlygy mümkin däl» diýerdiň. Seniň öňüňdäki mukaddes borjuň diňe iki ýyl harby gulluk bilen çäklenmeýändigine şol pursatlar has anyk göz ýetirdim. 

Bu ýyl hem adatdakylar ýaly, 27-nji ýanwara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Sebäbi ol gün meniň üçin iki sany baýramçylyk: Watan goragçylarynyň güni hem-de meniň doglan günüm. Adyňy doga edindigim, mähriban Watanym! Bilýäňmi, saňa bolan çäksiz yşgym, buýsanjym özüm bilen bile dünýä indi! Men doglan günümden bäri seniň adyň bilen ýaşaýaryn. Ýüregim sen diýip urýarka bolsa, ýetilmejek sepgit ýokdur! Nesip bolsa, saňa bolan çäksiz söýgim meni ýene-de ençeme üstünliklere ýetirer.

Altyngözel Amanmämmedowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.