Her gezek iş rugsadyna çykyp, çagalygymyň geçen ýerlerine mähriban obama baran wagtym eziz obam, onuň gyşda gar basan owadan tebigatyny, ýazda elwan güllere bürenen gözelligini, bol hasylly tomsuny we agras güýzüni hem-de onuň sadadan sypaýy, güler ýüzli mähriban adamlaryny gören pursatym kalbymdaky mähriban obama bolan goşgy setirlerim zybana dolýar.
Towşana öý bolsa dogduk depesi,
Ynsan neneň küýsemesin, jan obam!
Sen oňsaň-da, sensiz oňmaz perzendiň,
Essalawmaleýkim, mähriban obam!
Sag-aman otyrmyň ýoluma garap,
Menem gezip ýörün Watanym gorap,
Bu gün bolsa ýaşlyk ýyllarym sorap,
Geldim huzuryňa mähriban obam!
Hon-ha, meniň sygyr bakan ýerlerim,
Ynha, meniň suwda akan ýerlerim,
Üşesem üýşürip ot ýakan ýerlem,
Mähriňe döneýin, mähriban obam
Ülkämiň gül goýny aýdymly-sazly,
Rysgal bereketli ýagmyrly, ýazly,
Edepli-ekramly ogully-gyzly,
Merdana nesilli mähriban obam.
Remezan Gullyýew,
Harby gullukçy, kapitan.