milli goshun logo
Kasam / Aşyr Halmaýew
Kasam / Aşyr Halmaýew
13.01.2020 1269 Bäsleşik

Many gerek, gerek däl ululygy,

Arka atyp manyly söz horjuny.

Kasam kabul edip, harby gullugy,

Ak ýürekden berjaý etgin borjuňy.

 

Kasam etmek üçin uly ýa maýda,

Söz ýeterlik däldir, gözläp tapanyň.

Öwezini dolup söweşjeň baýdak,

Synyndan maňlaýňa degrip öpeniň.

 

Sözler däne deýin şine ýarmaga,

Azajyk hem bolsa yzgar gerekdir.

Eden ähtiň, kasamyňda durmaga,

Wepaň, sabryň hem-de ygrar gerekdir.

 Ak ýürekden gulluk ediň Watana,

Şuldur wesýet her bir maksat tutana.

Aşyr Halmaýew.