17.02.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
06.02.2020 82 Habarlar

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň gün tertibinde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak baradaky mesele boldy.

Mejlise gatnaşyjylar brakonýerçilige garşy bilelikde göreşmegiň görnüşlerini we çäklerini ara alyp maslahatlaşyp, kenarýaka ýurtlaryň serhet, hukuk goraýjy, balyk goraýyş we ekologiýa gulluklarynyň bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň hem-de hereketlerini utgaşdyrmagynyň möhümdigini nygtadylar.

6-njy fewralda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşygy işe başlar.