milli goshun logo
Halasgär / Bagtyýar Atdaýew
Halasgär / Bagtyýar Atdaýew
08.01.2020 900 Bäsleşik

Arkadagly ýurduň nurly ertiri,
Nesillere nusga dana pederi.

Döş gerip goraýar algyry şiri,
Türkmeniň halasgär nesilleri biz.

 

Watanyň şöhratyn göterip serde,
Asudalyk, agzybirlik soragy.
Gaýduwsyzlyk ýaran merdana merde,
Baş maksadymyzdyr ynsan goragy.

 

Çyn ýürek bilen hünärin söýýän,
Watan ogullary halasgär gerçek.

Dürli hadysada kömege taýyn,

Bizde ýigitler bar janyny berjek.

 

Heder etmän otdan suwdan howpdan
Jöwzaly yssydan aňzak sowukdan
Geçip kynçylykdan töwekgellikden
Raýata kömege gelerler hökman,

 

Gujurlydyr ýaşaýyşda göreşde,
Hakyky gahryman halasgärlermiz.

Bir jan-ten bir ynam, bolup her işde,
Ýürekler buýsançly belent serimiz.

 

Bagtyýar Atdaýew,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas
ediş işleri müdirliginiň

borçnama boýunça harby gullukçysy.