milli goshun logo
Esgere maslahat / Akmyrat Hydyrow
Esgere maslahat / Akmyrat Hydyrow
11.01.2020 1209 Bäsleşik

Asuda, parahat Asman astynda,

Eziz mekan – gül Watanyň bagynda,

Başy Asman dirän belent dagynda,

Batyr esger gulluk borjun bitirýär.

«Watan öňündäki borjun bitirýär oglum,

Iýen duzun haklap, sak durýar oglum,

Mert ýigitsiň, gerçekligiň saklagyn, oglum...»

diyip buysanýandyr, esger, eneňdir ataň.

«Agam gulluk edýär, serhet bölümde,

Buýsanýan men oňa her bir ädimde,

Menem hökman bolaryn agam ýerinde...»

diyip buýsanýandyr, esger, seniň jigiň-de.

«Söýgüli ýarym maňa söz berip gitdi,

Dolanmaga wada baryn, goýuplar gitdi,

Ýüregim garaşjagyna, kararam  etdi...»

diýip garaşýandyr, esger, söýgüli ýar-da.

Belent başyň belent tut-da, öňe git,

Gaýratly sen, gaýrat bilen ädim ät,

Senden edilen tama ullakan seret,

Watan öňündäki borjuň birkemsiz et!

Akmyrat Hydyrow,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.