milli goshun logo
Enäniň sözi / Seýitgurban Seýdalyýew
Enäniň sözi / Seýitgurban Seýdalyýew
19.01.2020 907 Bäsleşik

Uruş ýyly dowam edip dur, ine,

Obalarda aglaýar eneler ýene,

Kimsi dolanyp gelýär, kimsi ýogalýar,

Gelip dur ajy-ajy habarlar ýene!


Garaşýanlar zordan otyr öýünde,

«Nesip bolsa, geler oglum yzyna,

Nemes faşistlerini gyryp, öldürip,

Watana wepaly, oglum geler, ine!».


Gelinler garaşýar elinde çaga,

«Jan balam, aglama, kakaň ger, ha-na»...

Emma kakasynyň şehit bolanyn,

Ol çaga bilmeýär ýatan ýerinde!


Ine, bir ojakda ene garaşýar,

Gapy pesden kakyldy, gapyda esger,

Emma ol duran esger öz ogly däldi,

Ol esger elindäki haty uzatdy.


Hatda gara harplar bilen ýazylan,

Eziz ogly «Nazaryň» ady bellenen!

Ene göz ýaş döküp ýerde oturdy:

«Jan balam, gynanma, sen Watan ýigidi!»


Seýitgurban Seýdalyýew,  

TGM-niň B.Annaýew adyndaky 

Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçysy.