Bu günki okuw sapaklary hem gutardy. Hemmeler
gaýtdy, men bolsa okuw otagynda galyp, öňki günlerdäki ýaly döredijilik bilen
meşgullanmagy ýüregime düwdüm. Ýöne näme tema boýunça boýunça makala ýazjagymy
bilmeýärdim. Ahyrsoňy senenamany alyp haýsy baýramçylygyň ýetip gelýändigini
görsem, «27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni» diýen ýerine gözüm düşdi.
Eýsem bu güni ýatdan çykaraýmak bolarmy?! Biz tebigaty goraýjylar ýurdumyzyň
tebigatyny, ýer üsti baýlyklaryny goraýarys, Watan goragçylary bolsa ýurdumyzyň
asudalygyny, serhedimizi goraýar. Eýsem bu iki kär birmeşzeş dälmidir?! Men hem
Watan goragçylaryň gününe bagyşlap üýtgeşik goşgy ýa-da gysga göwrümli proza
eserini döredesim gelýär. Ýöne näme ýazsamkam?! Üýtgeşik goşgy ýazaýyn diýsem,
men şahyr däl, makala ýazaýyn diýsem öň kän makalalar ýazyldy. Garaz, näme tema
boýunça ýazjagymy bilmän pikirlenip durkam, halypa mugallymyň otaga girenini
duýman galypdyryn. Ol maňa ýüzlenip «Diýar! Näme boldy, aladaly görünýäň-le?»
diýdi, men hem «Mugallym, 27-nji ýanwar – Watan goragçylaryň güni ýetip gelýär.
Watan goragçylarymyza bagyşlap bir üýtgeşik temada makala ýa bolmasa-da hekaýa
ýazasym gelýär. Ýöne nähili meseläni beýan etjegimi bilmeýärin» diýdim. Soňra
mugallymym «Watan goragçylaryň gününe bagyşlap ekolog hökmünde öz ýürek
buýsanjyňy beýan etseň, gowy bolardy?» diýdi, «Sag boluň halypa, dogry
aýdýaňyz» diýenimi bilmän galypdyryn. Elimdäki depderime ilki bilen gutlagyň
adyny «Ekologyň Watan goragçylaryna gutlagy» diýip ýazdym. Ýöne, näme üçindir
bu gutlagy ýazmak üçin tolgunýaryn.
Gutlagda käbir kemçilikleriň bolmagy mümkin, onuň üçin sizden ötünç
soraýaryn. Eger-de meniň gutlagym siziň göwnüňize ýaran bolsa, meniň bu ujupsyz
zähmetimiň ýerine düşdügi bolar. Ilki
bilen mähriban hem gahryman Arkadagymyzy Watan goragçylaryň 28 ýyllyk
baýramçylygy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Biz talyp ýaşlara okamaga,
öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň
sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan-da beýläk rowaç
bolmagyny arzuw edýärin.
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!
Mähriban Watan goragçylary! Men siziň durmuşyňyz
asuda Asmanymyz ýaly arassa bolmagyny, ene topragymyz ýaly geçirimli, suw ýal
päk ýürekli, ösümlikleriň adamzada gerek bolşy ýaly ýurdumyza gerekli ynsanlar
bolmagyňyzy, sözen ösümligi ýaly çydamly, çigildem ýaly durmuşyňyzyň owadan
bolmagyny, sazak ýaly mert, dagdan ýaly gaýduwsyz bolmagyňyzy arzuw edýärin.
Siziň bu asylly, mukaddes käriňizde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, maşgala
ojagyňyzda bolsa elmydama çaga sesleriniň ýaňlanyp durmagyny tüýs ýüregimden
arzuw edýärin!
Diýar Yhtyýarow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.