milli goshun logo
Durandyr indi / Isa Artykow
Durandyr indi / Isa Artykow
14.01.2020 926 Bäsleşik

Eý, Görogly çykar demir donuňy,
Türkmene bagt guşy gonandyr indi.
Magtymguly çoh garaşan eýýamyň,
Bu gün ady arşa dolandyr indi.

Seýitnazar Seýdi, düş gyratyňdan,
Habarly bol, bu Berkarar Watandan,
Gaçha-gaçlyk, göçhä-göçlük wagtyndan,
Türkmen baky azat bolandyr indi.

Ýagşydan at galar, ýamanlardan set,
Döredi mertlikden täze şahsyýet,
Rowaçlykdan bina edip bir döwlet,
«Türkmenistan» diýip, gurandyr indi.

«Watan» diýip, berer şirin janyny,
Halysynda görersiň sen halyny,
Wasp etsem türkmeniň Alabaýyny,
Bedew at Asmana galandyr indi.

Şahyr aýdar, öz sagym bar, solum bar,
Bäş muňýyllyk taryhym bar, ýolum bar,
Şükür, Arkadagym bolup howandar,
Halkyna baş bolup durandyr indi.

Isa Artykow,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.