Pederlerden miras galan bu toprak,
Geçmişi barly, bakjaly bagly toprak.
Gaýduwsyz ýigitler jan berdi munda,
Keramatly mukaddesdir bu toprak.
Adyl şalar hökümdar boldy munda,
Başlary jem boldy toýda hem jeňde,
Gylyjyny ýow güni duşmana çenän
Batyr mert ýigitleriň ruhy bar munda.
Watany mukkades enä deňeýän,
Şonuň üçin şirin jana döz gelýän,
Ýurdy, topragy hormatlap gezýän
Pähimdar pederleriň ary bar munda.
Bu toprakda ençeme ärler ýatyr,
Men-men diýen batyr ýürekler ýatyr,
Aslyny Oguzhandan alýan türkmenim
Arkadag saýasynda bagt daňyn atyr.
Döwran Hapesow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.