Dilde Bitaraplyk hakda aýdymym,
Mukaddes Watana gulluk edýärin.
Erkana parladyp ýaşyl Baýdagym,
Bitarap Watana
gulluk edýärin.
Serkerdebaşymyň ýoly – ýörelgäm,
Ata-babalarmyň ömri – göreldäm,
Gözümiň göreji, çeşmeýi-didäm –
Bitarap Watana gulluk edýärin.
Kükregimde Alp-Arslanyň ýüregi,
Pyragyň dürleri – onuň bezegi.
Yrza etmek üçin duzy-çöregi,
Bitarap Watana
gulluk edýärin.
Bitaraplyk aýdym bolup ýaňlansyn,
Watançy ýürekler ony hiňlensin,
Jemläp gujur-gaýrat, arzuw-höwesim
Bitarap Watana
gulluk edýärin!
Döwrangeldi Gaýypgulyýew,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt
dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy.