milli goshun logo
Bagtyýar döwrüň gujagynda / Şirin Şirliýewa
Bagtyýar döwrüň gujagynda / Şirin Şirliýewa
12.01.2020 1195 Bäsleşik

Ir säher... Parahat Zeminiň arassa asuda säheri... Işe ugraýarsyň. Aýna ýaly ýollarda işe barýan keýpiçag goňşyň bilen pyýada ýöräsiň geler. Her 5 minutdan duralga gelip durýan ýolagçy awtoulaga münersiň. Her säherde sürüji hem «Işe, okuwa barýanlaryň göwni ýaz bolsun!» diýýän ýaly, radionyň sesini gataldar. «Owaz» radioýaýlymyndan eşitdirilýän söýgini Watanyň gözelligini wasp edýän aýdymlary diňläp barşyňa, kalbyňa birhili ruhubelentlik dolar. Töweregi synlap barşyňa, eýjejik gurjak kimin körpeleriň çagalar bagyna, başlary owadan tahýaly okuwçylaryň mekdebe barýanyny görüp, olara guwanýarsyň. Hersiniň ýüzünde agşamky rahat ukyny, aladasyzlygy, dogrusy, çagalaryň bagtyýarlyk ruhuny görýärsiň. Olara seredip ýylgyrasyň geler. Düşmeli duralgaňda düşersiň weli, her biri işde garşylaşyp ýören tanyşlaryňdyr, seniň bilen ýylgyryp hal-ahwal soraşarlar, öz ýagdaýlaryny sorarsyň «Hudaý şükür, hemmämiz saglyk, öý abadançylyk» diýerler. Eýýäm iş wagty golaýlap, jaň kakylandyr. Okuwçylar ýylgyryşyp: «Salam mugallym!» diýip otaga girerler. Sapaga başlanar. Ähli amatlyklar döredilen otaglarda okuwçylar bilen gyzykly sapaklar geçiler. Ösen tehnologiýalar bilen täsirli geçilýän sapaklardan soň özüňde agramly bir ýadawlyk duýman, öýüňe dolanarsyň. Ýolugra agşamlyk üçin ýene-de täze bir zatlar alaýyn diýen niýet bilen bazara sowlaýsaň, arly gyşdyr weli, islän azyk önümiňi amatly bahadan alyp gidibermelidir. Öýe gelip, sowadyjyny açyp «Bu zatlary nirede goýarkam?» diýip, öz ýanyňdan bolçulyga guwanarsyň. Çaýyň gaýnap, naharyň bişer dessine ähli zatlar şeýle bir eliň ujunda weli, wagtyň nähili geçenini bilmersiň. Eýýäm «Watan» habarlar gepleşigi başlar, üns bilen diňlärsiň. Hormatly Prezidentimiziň halkyň hal-ýagdaýyny mundan hem gowulandyrmak hakynda ýolbaşçylara tabşyryk berşini diňläp, ýüregiň bilen ol işlere rowaçlyk arzuw edersiň. Ine, bütin güni rahatlygymyz, parahat durmuşymyz üçin Gahryman Arkadagymyza ýürekden alkyş aýdarsyň. «Hormatly Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun!» diýersiň.

Säherden agşama çenli bagtyýar durmuşymyz, ertirki dogjak ýagty we parahat geljek üçin çäksiz alkyşlar bilen, şükranalyk bilen süýji uka gidýärsiň. Gujagy küren-küren oba-şäherli, syrgyn-syrgyn bagtyýar ili bolan bu Watanyň perzendi bolup dogulmak, gör, nähili bagt!

Şirin Şirliýewa.