Käte-käte ýeke özüň ejizläp,
Gözleriňi ýaşlap aglama gelin.
Dünýäň hasratyny çekýän deý özüň,
Ýaş ýüregiň oda
daglama gelin.
Ýöne aglamazlyk mümkin däl, hiçem,
Seniň düşen bu agyr halyňda,
Kyn pursatyň ejizläňde käteler,
Goldaw berjek bolmasa
seň ýanyňda.
Eçildi-de bagt saňa öz paýyny,
Watan goragçynyň gelini bolduň.
Watan üçin berdi şirin janyny,
Aýryldyň
ýaryňdan, ýeke özüň galdyň.
Ýeke özüň ogluň bilen galaňsoň,
Juwan ýaşda saralyplar solduň sen.
Käbir erkeklerem başarmaz belki,
Özüň eje hem kaka
deý bolduň sen.
Käte-käte ýeke özüň ejizläp,
Hiç kime bildirmän aglama gelin.
«Eje» diýip durka ezizlän balaň
Gözleriň ýaşlap
aglama gelin.
Bu goşgy aramyzdan juda ir giden mert hem-de watansöýüji ýaş serkerdäniň
yzynda ýeke ogly bilen juwan ýaşda ýalňyz galan gelni Merjen hakynda ýazyldy.
Allajan hiç haçan ezizlerimizi elimizden almasyn!
Kerwen Ýowyýew,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.