milli goshun logo
2018-nji ýylda bilim ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
2018-nji ýylda bilim ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
02.02.2019 960 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 12 ýyllyk orta bilim okuw meýilnamasyna geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, okuw meýilnamasy kämilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron maglumat goruny döretmek boýunça zerur işler geçirildi we maslahatlar guraldy. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi ylym ulgamyna birikdirmek işlerine badalga berildi.

2018-nji ýylda 200 görnüşli okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi. Hasabat döwründe mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 99 medala, şol sanda 25 altyn, 16 kümüş we 58 bürünç medala mynasyp boldular.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders bäsleşiklerinde 49 medala, şol sanda 9 altyn, 18 kümüş, 22 bürünç medala we dürli derejeli diplomlaryň 17-sine mynasyp boldular.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ony önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlarda iş we okuw sapaklarynda boldular.

2018-nji ýylda aspirantura we doktorantura 41 adam kabul edildi. Ylymlaryň kandidatlary we ylymlaryň doktorlary alymlyk derejelerine dalaşgärlige 24 adam hasaba alyndy.