milli goshun logo
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
1 gün öň 17 Habarlar

Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

...“Nowruz ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan bu dabaralaryň çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere Watanymyzyň ähli künjeginden türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi. Şeýle hem 30-a golaý döwletden syýahatçylaryň 220-den gowragy bu dabaranyň şaýady boldy.

Baýramçylyk mynasybetli “Nowruz ýaýlasynda” köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy döredildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnalypdyr. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat Nowruz baýramynda täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. Baharyň gelmegi bilen, töweregimizdäki hemme zat gözümiziň alnynda özgerýär, toprak ýaşyl lybasa bürenýär. Bu gözel künjekde türkmen baharynyň gözelligi has aýdyň duýulýar. Tebigatyň gözelligi, Köpetdagyň dag etekleriniň ösümlikleriň we ilkinji gülleriň ysy bilen bark urýan arassa howasy ynsany ruhlandyrýar. Nowruzyň öň ýanynda türkmen topragyna ýagan bereketli ýagmyr daş-töweregi ýaşyl begrese büredi. Ýaşyl baýyrlaryň üstünde ajaýyp ahalteke atlaryny, çapyksuwarlary görmek bolýar. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligine bagyşlanan amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserlerine, at esbaplaryna, zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir.

“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylanyldy. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy.

Bu ýerde geçmişiň meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň gadymy şäherlerine, gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli janlandyrdylar.

Dabara gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri — haly, keşdeçilik, dokma we keçe önümleriniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Baýramçylygyň çäklerinde milli toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dünýä mirasy hökmünde ykrar edilen milli bagşyçylyk sungatynyň esaslarynyň üýtgewsizdigini, sazandalaryň we türkmen dessançylarynyň, bagşylaryň nesilleriň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini, olarda halkymyzyň watansöýüjilik ruhunyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň jemlenýändigini görkezdi.

Dabaranyň dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan edýär. Baýramçylyk ruhuny belende göterýän pälwanlaryň inçelik bilen göreşe erk edişleri çuňňur gyzyklanma eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary görkezdiler.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy.

“Nowruz ýaýlasynda” ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky dowarlaryň goragçysy bolan alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.

Bu ýerde milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Konsert tamamlansa-da, “Nowruz ýaýlasyndaky” baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Arkadag şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy.