milli goshun logo
Ýeňşiň 74-nji ýyllygy mynasybetli dabaralar
Ýeňşiň 74-nji ýyllygy mynasybetli dabaralar
07.05.2019 5853 Harby özgertmeler

9-njy maýda biziň ýurdumyzda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli birnäçe dabaralar geçiriler. Däp bolşy ýaly, paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärligine we Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdepde ýerleşýän ilhalar mugallymyň heýkeline uruş weteranlarynyň hem-de ilkinji gezek harby weteranlaryň gatnaşmagynda gül goýluşyk dabarasy bolup geçer.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarydyr esgerleri uruş weteranlaryň öýlerine meýletin baryp, gymmat bahaly sowgatlary gowşurarlar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylar tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti guralar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S. Puşkin adyndaky mekdepde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen dabaraly duşuşyk geçiriler.

Bulardan başga-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda harby bölümlerde, serkerdeler we esgerler tarapyndan 1941–1945-nji ýyllarda gazanylan ýeňşiň ähmiýetiniň uludygyny beýan edýän we urşa gatnaşan edermen ata-babalarymyza sylag-hormat goýýan çäreler geçiriler.

«Milli goşun».