Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň tehniki
taýdan üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilmegi netijesinde ýurdumyzyň
harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we guryýer serhediniň howa
giňişliginiň sarsmaz goragyny üpjün edýärler. Bu günki harby okuw-meýdan
türgenleşik meýdanynyň asman giňişliginde sanly dolandyryş ulgamyna eýe bolan
söweşjeň uçarlar ýörite taktiki uçuş tälimlerini ýerine ýetirmek bilen,
garşydaşyň harby tehnikalaryny hatardan çykarmagyň ýokary ussatlygyny
görkezdiler.
Ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki harby
okuw-meýdan türgenleşiginiň barşynda, olara gözegçilik işleriniň we goşun
bölümleriniň arasynda aragatnaşygyň häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň sanly
ulgam arkaly amala aşyrylmagy türgenleşigiň netijeli häsiýete eýe bolmagyna we
onuň geçişine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi.