Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz
institutynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy harby uçurymlar üçin ýatdagalyjy
pursatlara beslendi. Balkan welaýatynda geçirilen dabarada harby uçurymlar
ilkinji serkerdelik harby adyna mynasyp bolup, ýurt parahatçylygyny,
asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine
ynandyrdylar.
Harby deňizçiler geljekde Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, deňiz serhetlerinde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolup gulluk ederler. Deňiz serhedimizde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklarlar, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam ederler.
Dabara mynasybetli düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp
bilersiňiz!