«Ruselektronika» kompaniýasy sowutly
ulaglaryň köpugurly täze neslini hödürleýär. Bu broneawtomobil garşydaşyň uçarmansyz uçarlaryna garşy
göreşmek üçin niýetlenen. Ykjam toplumyň howpy basyş arkaly kesgitleýän hem-de
dürli ýok ediji ýaraglar bilen söweşýän görnüşleri öndürilýär. «Rat»-yň bir
görnüşi uzak aralykdan dolandyrylýan modul bilen enjamlaşdyrylan bolup, birbada
birnäçe uçarmansyz uçary 2 kilometr aralykda ýok etmäge ukyplydyr. Beýleki
görnüşinde bolsa, ýaragyň ýerine 1,5 kilometr çenli uzaklykdaky uçarmansyz
uçarlary dessine ýakýan güýçli lazer oturdylan. «Ruselektronika» kompaniýasy
häzirki wagtda bäş sany sowutly ulagyny synaga goýberip, 2024-nji ýylyň birinji
çärýeginde doly önümçilige başlamagy maksat edinýär.